Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde durky täzelenen we täzeden enjamlaşdyrylan 4 gatly 301 orunlyk döwrebap köpugurly hassahana ulanmaga berildi.
Döwrebaplaşdyrylan hassahananyň düzüminde dürli bölümler, şol sanda anyklaýyş we maslahat beriş, stomatologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, umumy hirurgiýa, trawmatologiýa we terapwetika bölümleri hereket edýär. Tejribeli saglygy goraýyş işgärleriniň gije-gündiziň dowamynda alyp barýan işleri etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň berilmegini üpjün eder.
Baýramaly etrap köpugurly hassahanasynyň ähli bölümlerinde Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Niderlandlary, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, ABŞ-niň, Polşanyň dünýä belli öndürijileriniň häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş enjamlary ornaşdyrylandygyny bellemek gerek.Bu ýerde döwrebap lukmançylyk enjamlary: Niderlandlar Patyşalygynyň PHILIPS Medical Systems öndürijisiniň Incisive CT enjamy 128 kesim geçirýän kompýuter tomografy, 2 sany Flexi Diagnost rentgen-anyklaýyş we flýurograf enjamy, Villa Medical Systems kompaniýasynyň Tele IC+ Column IC sanly flýurograf ulgamy, 3 sany Visitor T30C-DR ykjam rentgen enjamy we Melody III D mammografy ornaşdyrylypdyr.
Şeýle hem hassahanada dürli ýöriteleşen operasiýalary geçirmek üçin niýetlenen, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 7 sany operasiýa otagy bar. Operasiýa otaglarynda Şwesiýanyň GETINGE Group döwlet kompaniýasynyň enjamlarynyň ornaşdyrylandygy, olaryň hatarynda Flow C anesteziologiýa enjamynyň täze nesliniň, köp funksiýaly Maquet operasiýa stolunyň, Volista operasion ýagtylandyryjy çeşmesiniň bardygyny bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş edarasyna Toyota Haice kysymly Tiz kömek ulaglaryny we Toyota Corolla kysymly ýeňil awtoulaglary sowgat berdi.
Hassahanada näsaglary bejermek üçin amatly şertler döredilipdir.
Baýramaly şäherindäki hassahananyň gurluşyk-gurnama işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Şadyýan gurluşyk hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirdi. hassahana Şadyýan gurluşyk hojalyk jemgyýetiniň işine ussat agzybir işgärleri tarapyndan bina edildi. Kompaniýa ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda öňdebaryjylaryň biri bolmak bilen, ençeme desgalaryň bina edilmegine saldamly goşant goşdy.