Baýramaly etrabynda gowaça meýdanlary heniz-de sürüm işlerine garaşýar, gowaça çöpleri arassalanmaýar

Baýramaly etrabynda gowaça meýdanlary heniz-de sürüm işlerine garaşýar, gowaça çöpleri arassalanmaýar

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda gowaça meýdanlary idegsiz galýar, heniz hem gowaça çöplerinden arassalanmadyk ekerançylyk ýerleri bar diýip, ýerli daýhanlar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy günorta-gündogar welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, kärendeçi daýhanlar bilen söhbetdeşlik geçirdi.

“Etrapda heniz hem gowaça çöplerinden arassalanmadyk ekerançylyk ýerleri bar. Gowaça meýdanlary heniz hem sürülmedi, ideg ýok” diýip, Baýramaly etrabyndan bolan daýhan aýdýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, şu günler ýurt boýunça gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär, ekişe taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Ýöne Mary welaýatynda habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan kärendeçiler sebitiň käbir gowaça meýdanlarynda sürüm işleriniň heniz hem geçirilmändigini aýdýarlar.

“Tutuş bir daýhan birleşikde bary-ýogy üç sany traktor bar, olaryň biri hem ibaly işlemeýär. Daýhan birleşikler tozap barýar. Mehanizatorlar hem işini taşlap, daşary ýurtlardan iş tapmagyň ugruny-ýoluny gözleýärler” diýip, beýleki bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligi ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri hasaplanýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolýan kärendeçi daýhanlar bu pudagyň ünsden düşürilýändigini aýdýarlar.

Maryly daýhanlaryň birnäçesi düşewüntsizlik sebäpli, kärende ýerlerini döwlete tabşyrmaga mejbur bolandyklaryny gürrüň berýär.

Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar döwlet bilen şertnama esasynda kärende ýerlerinde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi, ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmagy öz üstüne alýar. Öz gezeginde döwlet kärendeçi daýhanlary oba hojalyk ýeňillikleri bilen üpjün etmäge borçlanýar.

“Oba hojalyk tehnikalarynyň ýetmezçiligi sebäpli, öz wagtynda sürüm işlerini geçirip bolmady. Ekinleri mineral dökünler bilen, hem-de ekerançylyk suwlary bilen öz wagtynda üpjün edip bolmady. Pagtaçylaryň pullaryny öz wagtynda töläp bilmedik. Şonuň üçin, idegsizlik zerarly, kärende ýerimi yzyna tabşyrdym” diýip, beýleki bir daýhan aýdýar.

Türkmenistanda her ýylda 580 müň gektar çemesi meýdanda gowaça ösdürilip ýetişdirilýär. Pagtaçy kärendeçiler ýyllarboýy ekerançylyk suwlarynyň, mineral dökünleriň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalary başdan geçirýärler. Şol bir wagtda, türkmen hökümeti pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Hökümet geçen ýylyň fewral aýynda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhyny 3,5 esse çemesi ýokarlandyrdy. Bu çäräniň daýhanlary höweslendirjekdigi aýdyldy.

Ýöne kärendeçiler ýyllarboýy dowam edýän üpjünçilik meseleleriniň önümçiligi bökdeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda plan borçnamasynyň hötdesinden gelip bilmedik kärendeçileriň häkimiýetler tarapyndan soraga çekilýän pursatlary hem bolýar.

Mary welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir kärendeçi, pagtanyň satyn alyş nyrhynyň birnäçe esse ýokarlandyrylmagynyň arasynda, özüniň döwlete bergili çykandygyny aýdýar.

“Bir ýylyň dowamynda çeken zähmetimiz ýerine gowuşman hökümete bergili çykdyk. Girdeji gazanmak beýlede dursun, eden çykdajylarymyzy, galyberse-de, çeken zähmetimizi, ýitiren wagtymyzy, saglygymyzy yzyna alyp bilmeýäris” diýip, maryly daýhan aýdýar.

“Oba hojalyk pudagy doly dargady. Diňe emeldarlaryň ýerlerine seredilýär, diňe emeldarlar ýyllyk girdeji gazanýar. Emeldarlaryň ýüz urýan emellerini daýhan edip bilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy Baýramaly etrabynyň idege mätäç gowaça meýdanlary boýunça ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmeýär.

Döwlet metbugaty 20-nji ýanwarda welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň yz ýany, şu günler ýurt boýunça “gowaça hasylynyň düýbüni tutmaga görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilýändigini” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Pagta möwsüminiň tamamlanandygyna garamazdan, plan borçnamasy agzalmaýar
11.06.2018 | Galla oragynyň depgini: Ahal welaýaty
Galla oragynyň depgini: Ahal welaýaty
22.06.2019 | Däne oragy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany artýar
Däne oragy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany artýar