Baýram han Türkmen watansöýüjiligiň nusgasy

31-nji martda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri atly Halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Halkara maslahata dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan iri medeni merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, taryhçy-gündogarşynaslar, sungaty öwrenijiler, dilçiler we edebiýatçylar, syýasatşynaslar we diplomatlar gatnaşdylar.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen umumy mejlisde Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan bolan diplomatlar we alymlar çykyş etdiler.

Baýram han Türkmen özüniň edermenligi, wepadarlygy, Watana bolan söýgüsi bilen diňe türkmen taryhynda däl, eýsem, dünýä taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetleriň biridir. Özüniň adyny hanlaryň hany diýip ýazdyrmagy başaran Baýram han Mogollar şadöwletiniň ösüş taryhynda uly orun eýeleýär.

Baýram han Mogollor döwletini dolandyran üç nesle: Babyr şa serkerde hökmünde, onuň ogly Humaýuna baş emir hökmünde, agtygy Ekbere bolsa iň ynamdar maslahatçysy hem-de atalygy hökmünde hyzmat edipdir.

Baýram han ýaşlykdan söweşmegiň tärlerini özleşdirip, gylyç, ýaý, naýza, palta ýaly dürli görnüşli söweş ýaraglaryny ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyr.Taryhy maglumatlara salgylansak Mogollar şadöwletiniň düýbüni tutujy Zahyreddin Muhammet Babyr şa Baýram hanyň kakasy, Gazna şäheriniň häkimi Seýf Aly beg bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr.

Kakasy söweşde wepat bolandan soň Babyr şa Baýram hany öz ýanyna alýar hem-de onuň bilen deň-duşrak bolan ogly şazada Humaýun bilen bilelikde terbiýe berýär.

On alty ýaşyny dolduran Baýram han Babyr şanyň goşunyna goşulyp, soňra bolsa özüni sowatlylygy, başarjaňlygy bilen tanadyp döwlet işlerine gatnaşyp başlaýar.

1530-njy ýylda Babyr şa aradan çykandan soň Mogollar döwleti tagt üstündäki dawalar sebäpli dargap başlaýar. Şol ýylyň ahyrlarynda dartgynly ýagdaýlar dowam edýän ýurduň tagtyna geçen Humaýun özüniň egindeşi, ýakyn dosty Baýram hany baş emir wezipesine belleýär. Şondan soň şadöwletde gazanylan ähli üstünlikleriň arkasynda Humaýunyň maslahatçysy bolup Baýram han durýar.

Humaýun şa aradan çykandan soň, 1556-njy ýylda döwletiň täze dolandyryjysy Ekber şanyň arkasynda atalygy ýa-da Han babasy hökmünde Baýram han durýar. Ol özüniň wepadarlygy, sowatlylygy, ugurtapyjylygy bilen şadöwletiň pajarlap ösmegine, çäkleriniň giňemegine özüniň goşandyny goşupdyr.

Baýram hanyň ömrüniň soňuna çenli Mogollar döwletine wepaly hyzmat etmegi onuň Watanyna bolan söýgüsiniň nyşanydyr. Onuň: Siz bilip goýuň, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyň bolmaýandygy bütin äleme mälimdir! diýen sözleri türkmen halkynyň elmydama dogduk depesine bolan söýgüsiniň çäksizdigini, Watanyna hiç haçan dönüklik etmejekdigini tassyklaýar.

Nowgül GURBANGELDIÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.

The post Baýram han Türkmen watansöýüjiligiň nusgasy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Hanlar hany Baýran han
WELAÝAT TEATRLARY FESTIWALA TAÝÝARLYKLY GELDILER
Gujurly Bilim Merkezi: Golden Bookmark bäsleşigi iň zehinli okyjylary saýlady
14.11.2017 | Aşgabatdaky işewürler maslahatynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy