Baýraktar, Gara deňizdäki tebigy gaz önümçiliginiň 6 million kub metrden geçendigini aýtdy

Baýraktar, Gara deňizdäki tebigy gaz önümçiliginiň 6 million kub metrden geçendigini aýtdy

Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Osmaniýe welaýatynda saparda bolup, raýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işewür adamlar bilen duşuşyk geçirdi.

Çykyşynda energiýa garaşsyzlygynyň üstünde durup geçen Alparslan Baýraktar, Türkiyäniň ýakyn wagta çenli ulanan gazynyň 99 göterimini diýen ýaly import edendigini ýatlatdy.

2016-njy ýyldan başlap Tükriyäniň nebit we tebigy gaz gözleg işlerini deňiz ýurisdiksiýasynda öz mümkinçilikleri bilen amala aşyrmaga başlandygyny aýdan Baýraktar, 2020-nji ýylda tapylan tebigy gazyň öý hojalyklaryna ugradylmaga başlanandygyny belläp: "Häzirki wagtda Türkiyede 2,6 million öý hojalygynyň tebigy gazyny Gara deňizde Sakarýa tebigy gaz ýatagyndan kanagatlandyryp biljek ýagdaýa geldik.

Gara deňizdäki tebigy gaz önümçiligimiz şu günki gün 6 million kub metrden geçdi" diýip habar berdi.

Şyrnak welaýatynyň Gabar dagy sebitinde hem gündelik 47 million barrel nebit öndürilýändigini aýdan ministr Alparslan Baýraktar, energiýada daşary ýurtlara bolan garaşlylygyň azaldylmagy üçin hem gury ýerde hem-de deňizde işleriň tiz depginler bilen dowam etjekdigini, önümçiligiň has hem artjakdygyny beýan etdi.

Baýraktar: "Öz nebitimizi we tebigy gazymyzy öndürip has garaşsyz we güýçli ykdysadyýete eýe bolarys" diýip nygtady.

Mersin welaýatynyň Gülnar etrabynda gurluşygy dowam edýän Akkuýu atom elektrik bekedi bilen bagly Alparslan Baýraktar elektrik stansiýasyndaky ähli reaktorlar işe girizilende Türkiyäniň elektrik energiýasynyň 10 göteriminiň şol ýerden kanagatlandyryljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Türkiýäniň Ýokary Hili Nebitini Gabarda Öndürmäge Başladyk”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny