Baýden Ysraýylyň we Hamasyň Ylalaşyk Meýilnamasyny Kabul Edendigini Aýtdy

Baýden Ysraýylyň we Hamasyň Ylalaşyk Meýilnamasyny Kabul Edendigini Aýtdy

3 gün dowam eden NATO-nuň sammitinden soň beýannama beren Baýden; “Men urşy bes etdirmekde ygrarly” diýdi.

ABŞ-nyň Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleri boşatmak üçin birnäçe aýdan bäri iş alyp barýandygyny aýdan Baýden; “6 hepde ozal hödürlän meýilnamam, BMG-niň Howpsuzlyk geňşi, G7, Ysraýyl we Hamas tarapyndan kabul edildi” diýdi.

Jo Baýden bularyň çylşyrymly meselelerdigini nygtap, henizem kemçilikleriň bardygyny we emma käbir öňe gidişlikleriň bardygyny aýtdy.

“İşiň barşy gowy” diýen Baýden; “Men onuň hötdesinden gelmekde we urşy bes etdirmekde ygrarly” diýdi.

Ysraýyla 1 tonnalyk bombanyň ugradylmagynyň bes edilendigini ýatladan Baýden; “Olaryň Gazada ulanylmaga gadagan. Uly gumanitar tragediýa we pajyga sebäp bolýarlar” diýdi.

Baýden geçişde Ysraýyly hüjümleriň bes edilmegi üçin razy edip bilmändigi üçin puşmandygyna ünsi çekip; “İndi bu urşy bes etmegiň wagty ýetdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.
Prezident Erdogan NBC News kanalyna beýanat berdi
“Parahatçylyk Üçin Hemaýatkärlige Taýar”
Prezident Erdogan Waşingtonda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny