Baýden: "Wezipe möhledim tamamlanmanka Gazada ýaraşyk mümkin" diýdi

Baýden: "Wezipe möhledim tamamlanmanka Gazada ýaraşyk mümkin" diýdi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden CBS telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Gaza bilen bagly alynyp barylýan ýaraşyk tagallalarynyň üstünde durup geçdi.

Alyp baryjynyň "Wezipe möhlediňiz tamamlanmanka Gazada ýaraşyk mümkin bolup-bolmandygy" bilen bagly soragyna Jo Baýden: "Hawa entegem mümkin" diýip jogap berdi.

Jo Baýden BMG-nyň howpsuzlyk geňeşi tarapyndan goldanýan ýaraşyk meýilnamasyny dumruşa geçirip boljakdygyny belläp, ýagdaýyň sebitleýin çaknyşyga öwrülmezligi üçin tagalla etmäge dowam edýändiklerini beýan etdi.

Jo Baýden 31-nji maýda Ysraýylyň teklibiniň bolan 3 tapgyrdan ybarat ýaraşyk meýilnamasyny aýan edipdi. Meýilnama gysgaça hemişelik ýaraşygy, Ysraýylyň Gazadan dolulygyna çekilmegini, ýesirleriň we tussaglylaryň ikitaraplaýyn häsýetde azat edilmegini, ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň Gaza gaýdyp gelmegini, ynsanperwer kömekleriň arakesmesiz ýagdaýda we ýeterlik derejede ýetirilmegini we Gazanyň ýaňadandan dikeldilmegini öz düzüminde jemleýärdi.

Netanýahu bolsa birnäçe wagt soň ýesir çalşygy gepleşikleri bilen baglanşykly täze şertlerini öňe sürüpdi. Ol şertleriň düzüminde bolsa ýaragly palestinalylaryň günortadan demirgazyga geçmeginiň öňüniň alynmagyny we Ysraýylyň goşunynyň Gaza bilen Müsür serhediniň aralygyndaky Filadelfiýa koridorynda galmagyny göz öňünde tutýardy.

ABŞ, Müsür we Katar 8-nji awgustda çap eden umumy beýanatlarynda, Ysraýyla we Hamasa Gazada ýaraşygy üpjün etmeklerini we ýesir çalşygy üçin 15-nji awgustda Kairde ýa-da Dohada gepleşiklere ýaňadandan başlanmagy üçin çagyryş berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýylyň Goranmak Ministri Wezipesinden Boşadyldy
Kairdäki Gepleşiklerden Netije Çykmady
Ysraýylyň Wekiliýeti Müsüre Bardy
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi