Baýden we Harris Netanýahu bilen duşuşyk geçirdiler

Baýden we Harris Netanýahu bilen duşuşyk geçirdiler

Ak Tam Baýden bilen Netanýahunyň arasynda Ak tamda geçirilen duşuşyk bilen baglanşykly ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda: "Prezident Baýden Gazadaky ot açmazlyk ylalaşygy bilen baglanşykly galan boşluklaryň doldurylmagynyň we mümkin bolan iň gysga wagtda ylalaşygyň tamamlanmagynyň, ýesirleriň öýlerine gaýdyp barmaklarynyň we Gazadaky uruşda hemişelik ýagdaýda soňlanmagynyň gerekdigini belledi" diýip habar berildi.

Baýden mundan başgada ABŞ-nyň Ysraýylyň howpsyzlygyna bolan "egsilmez" ygrarlylygyny beýan etdi we Eýran we Hizbullah ýaly sebitleýin "howplara" garşy hyzmatdaşlyk ediljekdigi barada ýüzlenme berendigi mälim edildi.

Jo Baýdeniň ýaryşdan çekilmegi bilen demokratlaryň prezident dalaşgäri ýagdaýyna gelen wise-prezident Kamala Harris hem Ak Tamda duşuşyk geçiren Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýaha Gazadaky gyssagly ynsanperwer ýagdaý bilen bagly aladalaryny ýetirendigini habar berdi.

Duşuşykdan soň beýannama beren Kamala Harris, Netanýahu bilen giň gerimli gepleşikler geçirendiklerini we Ýakyn Gündogar bilen baglanşykly güntertibindäki meseleleri maslahatlaşandyklaryny beýan etdi. Harris Ysraýylyň özüni goramak hukugynyň bardygyny we ABŞ hökmünde Ysraýyla bu babatda her dürli goldawy bermäge dowam etjekdiklerini aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň ýeňişi we ABŞ…
Tramp wezipelere belledi
Amerikan Saýlawy
Harris ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi
Dalaşgärlikden el çekenden soňra halka ýüzlendi
Kamala Harris Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar berdi