Baýden Ukraina Goşmaça HArby Kömek Berjekdiklerini Aýtdy

Baýden Ukraina Goşmaça HArby Kömek Berjekdiklerini Aýtdy

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannamada Jo Baýdenin Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy habar berildi.

Baýden telefon söhbetdeşliginde Ukraina 425 million dollarlyk goşmaça goranyş goldawyny ugratjakdyklaryny we onuň düzüminde howa goranyş ýaraglarynyň any bilen köp sanly sowutly ulagyň hem-de ok-däriniň boljakdygyny beýan etdi.

İş möhleti gutarýança Ukraina goldawyny dowam etdirjekdigini nygtan Baýden; “Russiýanyň agressiýasyna” garşy Kiýewi goldamaga dowam etjekdigini aýtdy.

Amerikan hökümeti goşmaça goranyş kömeginiň çäginde ýüzlerçe howa goranyş raketasy, onlarça taktiki howa goranyş ulgamy, goşmaça artilleriýa ulgamlary, ýokary mukdarda ok-däri, ýüzlerçe sowutly ulag we artilleri ulaglary ýaly Ukrainanyň goşuny üçin zerur bolan ýaraglary ugradar.

Anna güni Germaniýa sapar etjek Baýdeniň gündeliginde Ukraina goldaw meselesinde ABŞ bilen Ýewropa ýurtlarynyň etjek goşmaça başlangyçlaryň hem bardygy beýan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Britaniýa we Ukraina “100 ýyllyk ýaranlyk” ylalaşygyna gok çekişdi
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Türkmenistanyň ilçisi “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medalynyň eýesi bilen duşuşdy
Germaniýanyň Federal kansleri Ukraina bardy
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär