Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannama görä Baýden Fransiýanyň Perzidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi we Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbertdeşlik geçirdi.
Liderler telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Ukraina serhedine harby güýç getirmegi we günsaýyn güýçlenýän diskurslara alada bildirdiler.
Russiýany dartgynlygy gowşatmaga çagyran liderler, esasanda Normandiýa formaty arkaly alynyp baryljak diplomatiýanyň Donbassdaky meseläniň Minsk ylalaşyklary bilen çözülmegi üçin ýeke-täk çykalgadygy nygtaldy.
Liderler Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine berýän goldawlaryny nygtap, meselä birmeňzeş çemeleşme üçin ýakyn aragatnaşygy dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.
Ak Tamyň Metbugat sekretary Ýen Psaki Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň çözülmegi üçin ahli diplomatik ýollardan peýdalanjakdyklaryny we Russiýa Ukrainany basyp alan halatynda harby taýdan hem çäre görmegiň ilkinji alternatiwleriniň hatarynda ýokdugyny aýtdy.