ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, katolikleriň ruhani lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk we Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannamada, Baýdeniň Papa we Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we Ysraýyl-Palestina çaknyşygy hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Beýannamada, Prezident Baýdeniň Papa bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Hamasyň Ysraýylly asuda ilata garşy guran wagşyçylykly hüjümini ýazgarandygy we Gazadaky asuda ilatyň goralmalydygyna ünsi çekendigi bellenildi.
Beýannamada, Papa bilen Baýdeniň sebitde dartgynlygyň möwjemeginiň öňüniň alynmagy we Ýakyn Gündogarda yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy meselesinde ylalaşyk gazanandygy ýatladyldy.
Beýannamada, Prezident Baýdeniň, Gazadaky palestinalylar üçin 2 ynsanperwer kömeginiň berilmegine kanagatlanma bildirendigi nygtalyp, iki lideriň Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanandyga üns çekildi.
Baýdeniň, zamun alynan ABŞ-nyň 2 raýatynyň boşadylmagyna beren goldawy üçin hem Ysraýyla sagbolsun aýdandygy ýatladyldy.
Ak Tamdan berlen beýannamada, Baýden bilen Netanýahunyň, ABŞ-nyň raýatlary bilen birlikde Hamas tarapyndan zamun alynan ähli ýesirleriň boşadylmagy, Gazadan gitmek isleýän ABŞ-nyň raýatlary bilen birlikde beýleki asuda ilat üçin howpsuzlyk geçelgeleriň açylmagy hakynda hem pikir alyşandygy bellenildi.