Baýden, Müsüriň we Kataryň Liderinden Hamasa Basyş Edilmegini Isled

Baýden, Müsüriň we Kataryň Liderinden Hamasa Basyş Edilmegini Isled

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Müsüriň we Kataryň liderlerine haty ýazyp hüjümleriň bes edilmegi üçin Hamasa basyş edilmegini isledi.

ABŞ-nyň köpçülikleýin hahar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama beren amerikaly ýolbaşçy, Baýdeniň ýaňy ýakynda Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisi bilen Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sana ýörite hat ýazandygyny nygtady.

Baýden hatynda Müsüre we Katara hüjümleriň bes edilmegi baradaky gepleşikleriň depgininiň güýçlendirilmegi üçin Hamasa basyş edilmegi barada çagyryş berdi.

Penşenbe güni hem Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we Ysraýylyň bu mesele boýunça işe girişmegi üçin çagyryş beripdi.

Ýene degişli makalalar

Hamas Bilen Ysraýylyň Arasynda Dohada Aýlawly Gepleşik Geçirilýär
Hamas bilen ýesir çalşygy boýunça gepleşikler geçiren toparyň ýurda dolanyp geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Netanýahu Husilere Hemle Atdy
“Gazadaky söweşi dowam etdireris”
“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”