Baýden Keniýany “NATO Agza Bolmadyk Esasy Hyzmatdaş” Hökmünde Yglan Etdi

Baýden Keniýany “NATO Agza Bolmadyk Esasy Hyzmatdaş” Hökmünde Yglan Etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Keniýany “NATO agza bolmadyk esasy hyzmatdaş” hökmünde yglan etdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada, Prezident Jo Baýdeniň Keniýany, ygtyýaryna esaslanyp “ABŞ-nyň NATO agza bolmadyk esasy hyzmatdaşy” hökmünde yglan edendigi nygtaldy.

Keniýa şeýlelikde Afrikada “NATO agza bolmadyk esasy hyzmatdaş” çinine eýe bolan ilkinji ýurt boldy.

Resmi Waşingtonyň bu göçüminiň Russiýanyň we Hytaýyň sebitde artan täsirine garşy bolandygy nygtalýar.

NATO agza bolmadyk beýleki hyzmatdaşlaryň hatarynda Argentina, Awstraliýa, Bahreýn, Braziliýa, Kolumbiýa, Müsür, Ysraýyl, Ýaponiýa, Iordaniýa, Kuweýt, Marokko, Täze Zelandiýa, Pakistan, Filippin, Katar, Günorta Koreýa, Taýland we Tunis ýer alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
NATO Ankarada Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Ýaşar Güler amerikaly we ukrainaly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Zelenskiý NATO-nuň Çaknyşyga Goşulmagyny Resmileşdirmäge Çalyşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Türkiyä gurajak sapary barada beýanat berdi