ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Wýetnama guran sapary bilen baglanşykly, Hytaý bilen sowuk söweş başlatmaga synanyşamaýandyklaryny belläp, maksadynyň Wýetnam we beýleki Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürip, dünýä derejesinde durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdygyny habar berdi.
Wýetnamyň habarlar agentligine görä, Jo Baýden Hindistanda geçirilen G20 Liderler sammitinden soň, Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherine baryp, WKP-nyň baş sekretary Nguýen Phu Trong bilen duşuşyk geçirdi.
Wýetnama ilkinji gezek sapar guran Jo Baýden, geçiren duşuşygyndan soň beren beýanatynda, Hytaý bilen sowuk söweş başlatmaga synanyşamaýandyklaryny belläp, maksadynyň Wýetnam we beýleki Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürip, dünýä derejesinde durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdygyny mälim etdi.
Wýetnam saparyny Hytaýy gabamak maksady bilen amala aşyrmaýandygyny aýdan Jo Baýden, Hytaý bilen gatnaşyklaryny kesmek islemeýändigini nygtady.
Jo Baýden ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary ýaňadandan ýola goýmak üçin çyn ýürekden çemeleşýändigini aýtdy.
Hindistanda geçirilen G20 sammitine gatnaşmadyk Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpiniň häzirki wagtda käbir kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge synanyşýandygyny aýdan Jo Baýden, Si Szinpiniň ykdysady kynçylyklara sezewar galandygyny beýan etdi.