Baýden, Gaza Berilýän Ynsanperwer Kömeginiň Artdyrylmagyny Isledi

Baýden, Gaza Berilýän Ynsanperwer Kömeginiň Artdyrylmagyny Isledi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Gazada asuda ilatyň goralmagynyň möhümdigini nygtady we sebite berilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmalydygyny aýtdy.

Ak Tamdan berlen beýannamada, Prezident Jo Baýdeniň, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada, telefon söhbetdeşliginde Ysraýyla goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtan Baýdeniň, “Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň halkara hukuk kadalarynyň çäginde alyp barmalydygyna ünsi çekendigi” nygtaldy.

Beýannamada, Prezident Baýdeniň, Gazadaky asuda ilata berilýän ynsanperwer kömeginiň gyssagly artdyrylmagyny isländigi bellenildi.

Gollandiýanyň wagtlaýyn hökümetiniň Premýer-ministri Mark Rutte hem Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Rutte, telefon söhbetdeşliginde, Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegine rugsat berilmegi we harby operasiýalarda ünsli çemeleşilmegi üçin Ysraýylyň Premýer-ministrine çagyryş berdi.

Rutte, Netanýahu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde iki döwetli çözgüt teklibini ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýanyň Premýer-ministri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, iki döwletli çözgüt etaby hakynda pikir alyşdy.

Makron, Gazanyň halkynyň goralmagy üçin gumanitar maksatly hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 8 müň adam ýogaldy, 20 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
NATO-nyň Baş Sekretary Mark Rutte şu gün Türkiyä sapar gurar
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Dünýä Gazada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi