ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden geljek hepdede taryhda ilkinji gezek Mekrezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistnyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutalary bilen duşuşyk geçirer. Duşuşyklar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde guralar. Bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň geňeşçisi Jeýk Salliwan mälim etdi diýip, Report.az habar berdi.
Salliwanyň aýtmagyna görä, sammitiň gün tertibi ABŞ-nyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlyk etmegi bilen bagly meselelerden ybarat bolar.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda sebit howpsuzlygyn, söwda we özara gatnaşyklar, howanyň üýtgemegi ýaly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Mundan başga-da, Jeýk Salliwan sammitiň dowamynda Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegine garaşylýandygyny belledi.
Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi 19-njy sentýabrda başlanyp, 23-nji sentýabra çenli dowam eder.