ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannamada “Prezident Baýden, hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleriň boşadylmagy üçin geçirilýän gepleşikleriň gysga wagtda netijelenmeginiň we ylalaşyk gazanylmagynyň möhümdigini nygtady”diýildi.
Baýden, telefon söhbetdeşliginde, Eýran we Eýran tarapyndan goldanýan toparlara garşy Ysraýyla goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.
Kataryň paýtagty Dohada awgust aýynyň 15-16-sy aralygynda Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygy we Gazada dowam edýän hüjümleriň bes edilmegi üçin gepleşikler geçirlipdi.
ABŞ-nyň, Müsüriň we Kataryň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşiklerde Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahunyň täze şertleri öňe sürendigi sebäpli ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.
Gepleşikleriň Müsüriň paýtagty Kairde dowam etmegine garaşylýar.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 16 müň 480-i çaga, 10 müň 980-y zenan bolmak bilen 40 müň 223 palestinaly ýogaldy, 92 müň 981 palestinaly hem ýaralandy.