ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Netanýahu telefon söhbetdeşliginde, ABŞ-nyň Prezidenti Baýdene, Tel-Awiw bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygy üçin geçiriljek gepleşiklere gatnaşmak üçin ugradyljak wekiliýet hakynda maglumat berdi.
Netanýahu Baýdene mundan başgada Ysraýylyň maksadyna ýetýänçä Gazadaky hüjümleriniň dowam etjekdigini aýtdy.
Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, premýer-ministriň, Tel-Awiw bilen Hamasyň arasynda ýesir çalşygy şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçiriljek gepleşiklere Ysraýyldan ýörite wekiliýetiň ugradylmagy barada karar kabul edendigini mälim edipdi.