Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Gazada çaknyşyk zolaklaryndaky asuda ilatyň Hamasyň agzalaryndan aýrylmagynyň we asuda ilatyň goralmagynyň möhümdigini nygtady.

Ysraýylyň Gazada dowam edýän hüjümlerine dymmak bilen syn etmekde günäkärlenýän ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ak Tamdan berlen beýannama görä, Baýden, Ysraýyla şertsiz goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýene-de bir gezek gaýtalady we Gazadaky ýesirleriň ýagdaýyna alada bildirýändigini belledi.

Halkara Gyzylhaç guramasyna ady agzalýan ýesirleriň boşadylmagy üçin rugsat berilmelidigini ýatladan Baýden, ýesir çalşygyndaky düşnüşmezlikden Hamasyň jogapkärdigini aýtdy.

Prezident Baýden, Gazada çaknyşyk zolaklaryndaky asuda ilatyň Hamasyň agzalaryndan aýrylmagynyň we asuda ilatyň goralmagynyň möhümdigini nygtady.

Gaza has köp ynsanperwer kömeginiň ýetirilmelidigini nygtan Baýden, Ysraýylyň sebite has köp ýangyjynyň berilmegi boýunça kabul eden kararyna kanagatlanma bildirdi.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

7-nji 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde öldürlen palestinalylaryň sany 17 müň 177 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermeris”
Prezident Erdogan Halkara Guramalara Reaksiýa Bildirdi
Ysraýylyň Goranmak Ministri Wezipesinden Boşadyldy
Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…
Netanýahu Bilen Tramp Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär