ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson G-7-niň liderler maslahatynyň geçiriljek ýeri Britaniýanyň Kornuoll etrabynda duşuşdy.
Britaniýa tarapyndan berlen beýannama görä, iki lider duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde Owganystan, Hytaý, Eýran we Russiýa meselesi hakynda pikir alyşdy.
Liderler, 1941-nji ýylda Britaniýanyň Premýer ministri Winston Çerçil bilen ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzweltiň söweşden soňky dünýä üçin taýarlan Atlantika jarnamasynyň ýaňadandan gözden geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.
Jonson bilen Baýden iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk we Britaniýa bilen ABŞ-nyň arasynda erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy meselesinde hem ylalaşyk gazandy.
Beýleki tarapdan Baýden maslahatyň öňüsyrasynda eden çykyşynda ABŞ-nyň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alyp barýan halkara sanjym tagallalary hakynda maglumat berdi.
Baýden, ýurdunyň az we orta girdejili 100 ýurda 500 million doza Pfizer/BioNTceh sanjym kömegini berjekdigini aýtdy.