Baýden Bilen Al Sani Parahatçylyk Teklibi Hakynda Pikir Alyşdy

Baýden Bilen Al Sani Parahatçylyk Teklibi Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylyň hüjümleriň bes edilmegi teklibine laýyklykda işe girişmäge taýardygyny aýtdy.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannamada, Prezident Jo Baýdeniň, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we soňky parahatçylyk teklibi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýannama görä, Baýden bilen Al Sani hüjümleriň bes edilmegi teklibini “Gazada krizisiň ortadan aýrylmagyny ýola goýjak meýilnama” hökmünde görýär we Baýden, Hamasyň şol teklibi kabul etmelidigini nygtaýar.

Beýannama görä, Prezident Baýden, Katardan, Hamasyň teklibi kabul etmegi üçin tagalla etmegini isledi we etaba berýän goldawy üçin Kataryň Emirine sagbolsun aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, anna güni beren beýannamasynda Ysraýylyň 3 tapgyrly teklip hödürländigini mälim edipdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bolsa Beýdeniň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiren teklibi bilen Ysraýylyň teklibiniň arasynda käbir tapawudyň bardygyny öňe sürdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Jon Kirbi bolsa Baýdeniň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiren teklibiniň Ysraýyl tarapyndan taýarlanandygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi
Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…