Baýburt Süýt Böregi (Baýburt Süýt Böregi datlysy)

Baýburt Süýt Böregi (Baýburt Süýt Böregi datlysy)

Baýburt Süýt Böregi datlysy Türkiyäniň Gara deňiz we Gündogar Anadoly sebitleriniň kesişýän nokdy bolan Baýburt şäherine mahsus, filo hamyryndan ýasalýan we üstüne süýt şerbedi guýulýan datlynyň bir görnüşidir.

Baýburt Süýt Böregi datlysy Baýburt häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Böregiň ýasalmagy üçin süýt, mesge, ýumurtga we un ýaly önümler ulanylýar.

Demini alan hamyr arasyna krahmal goýulyp 15 inçe filo hamyry görnüşinde taýar ýagdaýa getirilýär.

Mejmä (podnos) ýerleşdirilen filo hamyrlarynyň arasyna gowrulan funduk sepelenýär, üstüne mesge ýagy dökülýär we uly üçburç dilim görnüşinde kesilip, 1800 gradus derejede 20-25 minudyň dowamynda demojakda bişirilýär.

Demojakdan çykarylanyndan soň böregiň gereginden artykmaç ýagy süzülip alynýar.

Beýleki tarapdan bolsa süýt we şeker ýaly önümler garyşdyrylyp yasalan şerbet sowadylanyndan soň, böregiň üstüne guýulýar.

Baýburt Süýt Böregi datlysy hütürdeýän görnüşli, hem gaty hem-de ýumşak bolmadyk datlydyr. Üsti ýaldyrawuk-gülgüne, içi bolsa sary-ak reňkdedir.

Sebitde esasan hem baýramçylyk, toý we çakylyk günlerinde hödür kerem edilýär.

Ýene degişli makalalar

Eco Market dükany ter önümleriň we hojalyk üçin zerur bolan harytlaryň giň assortimentini hödürleýär
Üsgülewügiň tebigy bejergi usullary
Kosmosda pomidor ýetişdiriler, gatyk basyrylar
FAO: azyk önümleriniň bahalary durnukly
Siliwri Ýogurdy
FAO: azyk önümleriniň bahalary durnukly