Latwiýanyň Seými 19-njy aprelde ýurduň daşary işler ministri wezipesine Baýba Braženi tassyklady. Bu barada Parlamentiň nobatdan daşary ýygnagynda belli boldy diýip, Izwestiýa habar berdi.
Seýmde Braženiň uly diplomatik tejribesiniň bardygyny nygtadylar. Ol ýurduň DIM-niň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi wezipesini eýeleýärdi.
Öň Latwiýanyň daşary işler ministri bolup işlän Krişýanis Karinş iş başyndan gidýändigini yglan edip, wezipesini 10-njy aprelde terk etdi.