Russiýanyň baý işewürleriniň emlägi 2023-nji ýylyň başyndan bäri 13,17 milliard dollar möçberinde köpeldi diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Maglumatlara görä, ýylyň başyndan bäri Lukoýl kompaniýasynyň esaslandyryjysy Wagit Alekperow 3,17 milliard dollar gazandy we emlägini 18,5 milliard dollara ýetirdi. Nowatek kompaniýasynyň başlygy Leonid Mihelson öz emlägini 1,65 milliard dollar artdyryp, 26,3 mlrd dollara ýetirmegi başardy.
NLMK kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Wladimir Lisin 1,1,7 mlrd dollar gazandy we onuň emlägi 21 mlrd dollara ýetdi.