“Bawariýanyň” 12 süňňi abat

Germaniýanyň Kubogy ýaryşynyň birinji tapgyrynda “Bawariýa” myhmançylykda 5-nji liganyň wekili “Bremer” bilen duşuşdy.Myhmanlaryň hökmürowanlygynda geçen oýunda münhenliler 12-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Bawariýa” taryhy hasap bilen ýeňiş getiren gollary Çupo-Moting (8, 28, 35, 82), Musiala (16, 48), Warm (27, ö.d.), Tillmann (47), Sane (65), Kuisanse (80), Sarr (86) hem-de Tolisso (88) geçirdi. Ýer eýelerinden Nobile 77-nji minutda gyzyl kart aldy.

Bu ýeňiş “Bawariýanyň” 1997-nji ýyldan bäri gazanan iň uly hasaply ýeňşidir.

“Bawariýanyň” ikinji tapgyrdaky garşydaşy 29-njy awgustda belli bolar.

Ýene degişli makalalar

Awtobus, demirýol transportyndaky bökdençlik, ýol-ulag hadysalary ilaty alada goýýar
Ahalda tüweleý maddy zyýan ýetirdi, ýaşaýjylaryň häkimiýetden soran kömegi ret edildi
Serhetabadyň  'ýol azaby' ýerli ýaşaýjylary 'surnukdyrýar'
Türkmen hökümeti etnik azlyklaryň ençemesiniň bardygyny san taýdan tassyklaýar, emma olara ene dilinde okamaga şert döretmeýär - synçy
Mançesteriň reňki gyzyl
Transfer täzelikleri