“Bawariýany” terk etjek ýyldyzlaryň sany artýar

2020-nji ýyly 6 kubok bilen tamamlan “Bawariýada” tomusda topardan gitjekleriň sany artyp başlady.Ilki bilen awstriýaly goragçy Dawid Alaba topardan gitjekdigini habar beripdi.Ondan soň, toparyň sport direktory Hasan Salihamidziç germaniýaly goragçy Žerom Boatengiň hem topardan gidýändigini aýtdy.

Indi bolsa, olaryň hataryna bu klubda kemala gelen Tomas Mülleriň hem goşulmagy mümkin.Ol beren beýanatynda karýerasynyň tutuşlygyna Münhen şäheriniň toparyna bagly däldigini, gerek bolan ýagdaýynda gidip hem biljekdigini aýtdy.

Alaba bilen Boateng 10 ýyl ozal, ýagny 2011-nji ýylda toparyň düzümine goşulypdylar. Toparyň ýaşlar düzüminde futbola başlap, 2009-njy ýyldan bäri-de esasy düzümde oýnap ugran 31 ýaşyndaky Tomas Müller nyşana öwrülen oýunçylarynyň biri hasaplanýar.

The post “Bawariýany” terk etjek ýyldyzlaryň sany artýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
DKTR-da Bolan Ýol Heläkçiliginde 1 Esger Şehit Boldy
Ysraýyl 11 Aýda Palestinaly 16 Müň 480 Çaganyň Ýogalmagyna Sebäp Boldy
Krymda Birnäçe Partlama Boldy
Aýakgap Eksporty 588,7 Million Dollara Barabar Boldy