Nemes heýkeltaraşy Wilgelm Koh Germaniýanyň wezipeden aýdylýar kansleri Angela Merkeliň üç metrlik atly heýkelini döretdi. Bu eseri 2022-nji ýylyň tomsuna çenli Bawariýadaky Tempel-muzeýiniň öňünde sergilemek meýilleşdirilýär. Bu barada "Spiegel" neşiri habar berýär.
“Syýasatdan daşary, hanym Merkel - ikona. Bu ikonany emele getirýän zatlary tas hemmeler bilýär: onuň saç goýuşy, eşikleri, duruşy we elleri. Penşenbe güni muzeýiň öňünde heýkeli ýükläp durkak ýol boýundaky aýal ony derrew tanap, çyny bilen güldi" diýip, heýkeltaraş aýtdy.
Heýkeliň beýikliginiň 2,7 metrdigi we 3D çap usulynda ýasalandygy aýdylýar.Merkeliň münen aty "amerikan kwoterhors" diýilýän çapyşyk at tohumyna degişli.Awtoryň pikirine laýyklykda, heýkelde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleri eýersiz-zatsyz atyň üstünde ellerini hemişekisi ýaly gowşuryp otyr.
Atyň eýeri we jylawy ýok - sebäbi kansler olara mätäç däl, heýkeliň pýedestaly-da ýok, sebäbi Angela Merkel juda kiçigöwün adam diýip, çeşme awtoryň sözlerini getirýär.