“Bawariýa” ýene-de ýeňmek başartmady

Germaniýanyň çempionatynda çempion “Bawariýa” myhmançylykda “Leipsig” bilen duşuşdy. Duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Ýer eýeleri 1-nji ýarymda 2-0 öňe saýlandy. Gollary 20-nji minutda Loi Openda bilen 26-njy minutda Kastello Lukeba geçirdi. 2-nji ýarymda tijenen “Bawariýa” Keýniň (57 p) hem-de Saneniň (70) gollary bilen hasaby deňledi.

Şeýlelikde, “Bawariýa” utugyny 14-e, “Leipsig” 13-e çykardy. “Bawariýa” toparyna bassyr 4 oýundan bäri “Leipsigi” ýeňmek başardanok.

“Maýnsy” Wan den Berg (18 ö.d.), Grimaldo (59) hem-de Hofmannyň (65) gollary bilen 3-0 ýeňen “Baýer” sanawyň täze lideri boldy.

Ýene degişli makalalar

“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
12 minutda 3-0 öňe geçse-de, ýeňlişe sezewar boldy
Sal Altman Maskyň 97,4 milliard dollarlyk OpenAI teklibini kabul etmedi
Täze rekord goýdy
“Google terjimä” 110 täze dil goşuldy