“Bawariýa” ýaş oýunçyny transfer etdi

“Bundesliganyň soňky çempiony “Bawariýa” ýene bir futbolçyny düzümine goşdy.Nemes kluby Fransiýanyň “Renn” toparynyň 17 ýaşly hüjümçisi Matis Teli 20 million ýewro transfer etdi.Goşmaçalar bilen “Bawariýa” ýene-de 8,5 million ýewrony-da gelejekde “Renn” toparyna berer.

Münhenliler fransuz hüjümçisi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdylar.Tel “Renn” toparynda geçen möwsümde 10 duşuşyk geçirdi. Ýaş oýunçy şol 10 oýunda bary-ýogy 89 minut çykyş etdi.

Matis Tel “Bawariýanyň” şu möwsümde düzümine goşan 5-nji futbolçysy bolup, klub ondan öň Nuassir Mazruai, Raýan Grawenbah, Sadio Mane, Metteýs De Ligt dagyny transfer etdi. “Bawariýa” topary şu transferler üçin 137,5 million ýewro harçlap, klub 80 million ýewro golaý hem futbolçy transferinden girdeji gazandy. Tel “Bawariýada” 39-njy belgili köýnekçede çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylaryň ýygyndysy tanyşdyryldy
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Ýewropanyň çempionlary “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda belli bolar
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)