Germaniýanyň çempionatynda yzly-yzyna utuk ýitiren Dortmundyň “Borussiýasynyň” çempion bolmagy üçin garaşylmadyk netijeleriň hasaba alynmagy gerek.Myhmançylykda “Werder” bilen 22 deňme-deň oýnan “Borussiýa D” möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri “Bawariýadan” 4 utuk yzda barýar. “Bawariýa” 32-nji tapgyrda “Hannowerden” 31 üstün çykdy. “Bawariýanyň” galan 2 oýny-da güýçli, öňdäki orunlara ymtylýan toparlar bilen bolar.
Münhenliler ilki myhmançylykda 3-nji hatardaky “Leipsig” bilen duşuşsa, soňky tapgyrda “Aýntrahty” kabul ederler. “Borussiýa D” bolsa, öz meýdançasynda “Fortuna Düsseldorf” bilen duşuşanyndan soň, möwsümi myhmançylykda “Borussiýa M” topary bilen jemlär.