“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi

Germaniýanyň “Bawariýa” topary “Premier Ligadan” 2 futbolçy transfer etdi.Münhenliler ilki Kristal Palasyň 22 ýaşyndaky fransiýaly ýarymgoragçysy Maýkl Oliseni 60 million ýewro (53+7) düzümine goşdy. “Bawariýa” Olise bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Olise “Kristal Palas” toparynda 3 möwsümde 90 oýunda 16 gol geçirdi.Olise “Kristal Palasdan” öň “Reding” toparynyň köýnekçesini geýdi.Olise Pariž 2024-de Fransiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzüminde çykyş eder.

Nemes kluby Londonyň başga bir topary “Fulhamdan” hem portugaliýaly 29 ýaşyndaky ýarymgoragçy Žoao Palinýany 56 million ýewro (51+5) transfer etdi. Ýewropa çempionatynda hem çykyş eden Palinýa münhenliler bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Palinýa “Fulhamda” 2 möwsümde 79 oýunda 8 goly derwezä girizdi. Ol “Fulhamdan” öň “Braga”, “Belenenseş”, “Moreirense”, “Sporting” klublarynda hem oýnady.

Tälimçilige Wensan Kompanini bellän “Bawariýa” tomsuň başlarynda “Ştutgart” toparyndan ýaponiýaly Hiroki Itony hem düzümine goşupdy.

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Angliýanyň “Premier Ligasy” “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda
“Premier Liganyň” taryhynda 2-nji gezek
“Fulham” “Premier Liga” dolandy