UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň soňky 2 oýnunda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazanyp, ýarym finala ynamly ilkinji ädimlerini ätdiler.
Geçen möwsümiň finalda duşuşan iki toparynyň arasyndaky oýunda PSŽ myhmançylykda “Bawariýany” 3-2 hasabynda ýeňmegi başardy.Eýýäm 3-nji minutda, has takygy, 169-njy sekuntda gol geçiren Kilian Mbappe “Bawariýanyň” derwezesinden iň çalt 2-nji goly girizdi. 28-nji minutda Markinios hasaby 2-0-a çykardy.
Iki goluň hem pasyny Neýmaryň berendigini belläliň. 37-nji minutda PSŽ-niň ozalky oýunçysy Erik Maksim Çupo-Moting tapawutlanyp, “Bawariýany” umytlandyrdy. 60-njy minutda Tomas Mülleriň geçiren goly bilen hasap deňlendi. Ýöne bu goldan 8 minutda soň ýene-de Kilian Mbappe tapawutlanyp, parižlilere ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, UÇL-de 19 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Bawariýa” ilkinji gezek utuldy.
Topar soňky gezek 2019-njy ýylyň 13-nji martynda “Liwerpuldan” asgyn gelipdi. Şeýle-de, “Bawariýa” Hansi Flikiň tälimçiliginde UÇL-de (15 ýeňiş, 1 deňlik) ilkinji gezek utuldy. “Bawariýanyň” düzümine şikesi bolan Lewandowski hem-de pandemiýa uçran Serže Gnabri çykyş etmedi.
Jogap duşuşygy 13-nji aprelde Parižde oýnalar.
The post “Bawariýa” hem utulýar appeared first on Zaman Türkmenistan.