UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň düýnki oýnalan duşuşyklarynda myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy.Kubogyň häzirki eýesi “Bawariýa” myhmançylykda Italiýanyň “Lasio” toparyndan 4-1 üstün çykyp, çempionlygyny goramak ugrunda nobatdaky ädimini ätdi.
Nemes toparyna ynamly ýeňiş getiren gollary Lewandowski (9), Musiala (24), Sane (42) hem-de Açerbi (47 ö.d.) derwezä girizdi. “Lasionyň” ýeke-täk pökgüsini 49-njy minutda Korrea öz adyna ýazdyrdy.
Robert Lewandowskiniň Çempionlar ligasynda geçiren gollarynyň sany 72-ä ýetdi we bu ugurda Raul Gonzalesden öňe saýlanyp, 3-nji orna geçdi.Polşaly hüjümçiden öňde Lionel Messi (119) bilen Kristiano Ronaldo (134) bar. “Bawariýanyň” 2-nji goluny geçiren Jamal Musiala (17 ýaş 363 gün) Çempionlar ligasynda tapawutlanan iň ýaş 2-nji futbolçy boldy.
Ispaniýaly Boýan Krkiç 17 ýaş 217 gün bilen UÇL-niň gol geçiren iň ýaş futbolçysydyr.
1/8 finalyň beýleki duşuşygynda “Çelsi” myhmançylykda “Atletiko Madridi” Oliwie Žirunyň 68-nji minutda üstaşyr ýagdaýda derwezä gönükdiren goly bilen 1-0 ýeňdi.
Jogap oýunlary 17-nji martda oýnalar.
The post “Bawariýa” çärýek finala ilkinji ädimini ätdi, Lewandowksi Rauldan öňe geçdi appeared first on Zaman Türkmenistan.