“Bawariýa” 20 ýyldan soň 3-nji tapgyra çykyp bilmedi

Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda garaşylmadyk waka boldy.Kubogyň soňky 2 ýylynyň eýesi, kubogy iň köp gazanan “Bawariýa” 1/16 finalda ýaryşdan çykdy.Münhenliler “Bundesliga II”-niň wekili “Holstein Kiel” toparyndan penaltilerden soň utulyp, iň gowy 16 toparyň hataryna goşulyp bilmedi. 1-nji ýarymy 1-1 deňlikde gutaran oýunda 2 gezek öňe saýlanan “Bawariýa” üstünligini saklama başartmady. 14-nji minutda Gnabri “Bawariýa” öňe saýlasa, 37-nji minutda Bartels hasaby deňledi. 47-nji minutda Sane “Bawariýany” ýeňe öňe çykardy. Ýöne 90+5-nji minutda Wahl hasaby deňlemegi başardy.

Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi.Oýundan soňky penalti urgularynda “Bawariýa” 65 asgyn gelip, kubok ýaryşy bilen wagtyndan juda ir hoşlaşdy. Şunlukda, “Bawariýa” 20 ýyldan soň ilkinji sapar 3-nji tapgyra çykyp bilmedi.

The post “Bawariýa” 20 ýyldan soň 3-nji tapgyra çykyp bilmedi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Pari Sen-Žermen 1-nji, Bawariýa 11-nji gezek finalda
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
“Bawariýanyň” berkidilen birinjiligi, Azmunyň ilkinji goly
“Bawariýanyň” ýoldaşlyk duşuşygynda-da nebsi agyranok 27-0