“Bawariýa” 1/8 finala çykdy, Lewandowski Rauldan öňe saýlandy

“Bawariýa” 1/8 finala çykdy, Lewandowski Rauldan öňe saýlandy

UEFA Çempionlar ligasynda “A” toparçada öz meýdançasynda “Red Bull Salsburgy” 3-1 hasabynda ýeňen “Bawariýa” 1/8 finala adyny ýazdyrdy.Tälimçisi Hans Flikiň ýolbaşçylygyndaky ähli duşuşygynda ýeňiş gazanan “Bawariýanyň” gollaryny Lewandowski (43), Koman (52) hem-de Sane (68) derwezä girizdi.

Yzly-yzyna 15 oýunda ýeňiş gazanan “Bawariýa öz rekordyny ösdürdi.Duşuşykda 1 gezek tapawutlanan Robert Lewandowki Çempionlar ligasyndaky 94-nji oýnunda 71-nji goluny geçirdi.Ol bu ugurda Rauldan (71 gol, 142 oýun) öňe saýlanyp, Ronaldo we Messiden soň 3-nji hatarda barýar.

Toparçadaky beýleki oýunda “Atletiko Madrid” bilen “Lokomotiw Moskwanyň” arasyndaky oýunda hasap açylmady.Toparçada 2-nji ýer eýelemek ugrunda 3 toparyň arasynda-da ýiti göreş bolup, häzirlikçe “Atletiko” bir ädim öňde barýar.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa” çärýek finala ilkinji ädimini ätdi, Lewandowksi Rauldan öňe geçdi
16 duşuşyk 48 gol
Panama Hytaýyň "Bir guşak, bir ýol" taslamasyndan çekilýär
“Üç Maradona güni”
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Fransiýaly hüjümçi Messi, Ronaldo we Rauldan soň, 4-nji futbolçy boldy
“Real” baş tälimçi wezipesine dalaşgärleri belli etdi