Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy

Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy

ÝUNESKO Gruziýanyň Batumi şäherine (Ajariýa AR) aýdym-saz şäheri statusyny bermek bilen, guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna goşdy. Bu barada Ajariýa hökümetiniň habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Batuminiň aýdym-saz pudagynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçiriljek özboluşly taslamalara we çärelere gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Batumi bilen birlikde Glazgo, Kingston, Liwerpul, Oklend we beýleki şäherler hem aýdym-saz şäherleri boldular diýlip, häkimlikde bellediler.

ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory 2004-nji ýyldan bäri bar we häzirki wagtda media-art, aýdym-saz, kinematograf, gastronomiýa, dizaýn, folklor, senetçilik we halk medeniýeti ugurlary boýunça dünýäniň 90 ýurdundan 295 şäheri birleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
HAZAR DEŇZI GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEGI IŞJELEŞDIRMEK DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
Gruziýanyň Batumi portunda täze dökün terminaly açyldy
Türkmen karbamidi Batumi porty arkaly beýleki yklymlara ugradylar