Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgärleri ýurduň goraghanalarynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen içgin tanyşýarlar. Olar goraghanalardaky kärdeşleri bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini dowamly geçirip durýarlar diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, golaýda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgärleri Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda bolup, kärdeşleri bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirdiler, tejribe alyşdylar.
Ylmy işgärler goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, uzak ýaşly, ýagny 300 — 500 — 700 ýyl ýaşan pisse agaçlary bilen gyzyklandylar, şeýle-de sapma usuly arkaly ýokary hasyl berýän pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmegiň usullary barada pikir alyşdylar.