“Basyp Alyjy Terrorçylary Puşman Ederis”

“Basyp Alyjy Terrorçylary Puşman Ederis”

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan, ýurdunyň, Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýäniň janyna kast eden basyp alyjy terrorçylary hyýanatçylykly hüjümleri sebäpli puşman etjekdiklerini aýtdy.

Mesud Pezeşkiýan, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, “Eýran Iýerusalim şehidi Ismail Heniýýeniň ýasyny tutýar” diýdi.

Düýn özü üçin geçirlen kasam edişlik dabarasynda Heniýýe bilen duşuşandygyny aýdan Pezeşkiýan “Abraýly iki millet bolan Eýran bilen Palestinanyň arasyndaky bag ozalkysyndan has güýçli bolar”diýdi.

Hüjümiň Eýranyň territorial bitewiligini hem nyşana alandygyny aýdan Prezident Pezeşkiýan “Eýran bitewiligini we abýragyny gorap saklar we basyp alyjy terrorçylary hyýanatçylykly hüjümleri sebäpli puşman eder” diýdi.

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýanyň kasam ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana giden Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýe öýüne guralan hüjümde öldürildi.

Hamas, Ysraýyl tarapyndan Heniýýeniň janyna kast edilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
YHG Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer
Türkiýäniň Diplomatik Wekilhanalarynda Baýdaklar Ýarysyna Çenli Aşakladyldy
ABŞ-nyň Eýrana Haniýýa Jenaýatyna Gatnaşan 10 Içalynyň Adyny Berendigi Öňe Sürüldi
Eýranyň prezidenti ABŞ-na we Ýewropa reaksiýa bildirdi
“Abanýan Howplara Egilşik Etmeris”