Başyndan aýagyna çenli 200 müň ýyl

Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň giňliginiň ýagtylyk tizligi bilen 200 müň ýyldygy mälim edildi.Kanar adalaryndaky Astrofizika institutynyň astronomlary ýyldyzlardaky metallaryň mukdaryny öwrenýän mahaly bu açyşy edipdirler. Şeýle hem galaktikanyň kabul edilýän çäginiň daşyndaky ýyldyzlaryň hem birmeňzeş gurluşdadygy anyklanypdyr.

Bu açyş galaktikanyň çaklanylyşyndan has uludygyny ýüze çykardy.Has düşnükliräk söz bilen aýdylanda, onuň bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli ýagtylyk tizliginde barýan kosmos gämisi bu aralygy 200 müň ýylda geçip biler.

Mundan ozal, bu syýahatyň 100-160 müň ýagtylyk ýyly boljakdygy çaklanylýardy.Martin Lopez-Korredoýranyň ýolbaşçylyk edýän ylmy barlagy barada “Astronomy & Astrophysics” žurnalynda giňişleýin maglumat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Goşa galaktika tapyldy
Biler bolsaňyz!..
Kosmos barada