Eziz ildeşler Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň nobatdaky 21-nji bölüminde biz ýene-de siziň bilen birlikde.Gepleşigimiziň geçenki bölüminde türki halklaryň gelip çykyşy bilen bagly rowaýatlarynda we dessanlarynda mukaddes bir ýer hökmünde ýatlanyp geçilýän gadymy ata ýurdumyzyň sakçylary hökmünde häsýetlendirilýän altaý türkleri, altaý türkleriniň ýaşaýan ýerleri we altaý türkçesi barada gürrüň beripdik. Şu gün bolsa wengerler bilen garyndaşdyklary öňe sürülýän başgyrt türkleri, başgyrt türkleriniň ýaşaýan ýerleri we başgyrt türkçesiniň üstünde durup geçeris.
Başgyrt adynyň nähili dörändigini entek doly kesgitlenilip bilinmesede, onuň bilen bagly dürli rowaýatlar we ylmy garaýyşlar bar.Halkyň arasyndaky rowaýatlara görä, başgyrt ady taryhda Hazaryň günortasynda ýaşan “Kyyrt Baş” taýpasy hakyndaky rowaýatlara esaslanýar. Şol rowaýatlarda geçýän “Kyyrt Baş” taýpa ady wagtynda “Kurt Baş” bolup, soňra söz ornuny çalşyryp “Baş Kurt” ady döräpdir.
Häzirki zaman başgyrt türkleri şol Kyyrt - Baş taýpasynyň mirasdary diýlip çak edilýär.
Ylmy garaýyşlara görä, Başgyrt ady Arap, Pars, Rus we Ýewropa taryhy öwrenijileri tarapyndan 9-njy asyrdan bäri aýdylyp geçilipdir. Meşhur türkolog Mahmyt Kaşgarly öz “Diwany lugat-et türk” ( “Türki dilleriň diwany” ) eserinde başgyrtlaryň bir türk taýpasy bolandygyny aýdypdyr. Has hem möhüm bolan zat bolsa Mahmyt Kaşgarlynyň bu pikirini köp sanda alym taryh boýunça goldapdyr.
Başgyrt türkleri bilen bagly geçirilen ylmy derňewde ünsleri özüne çeken aýratynlyklaryň biri hem, başgyrtlaryň wengerler bilen garyndaş bolandyklary ýa-da wengerleriň bir bölegini emele getirendikleri bilen bagly garaýyşlardyr. Şoňa görä taryhda Ural-Altaý sebitinde we onuň töwereginde bilelikde ýaşaýan türkleriň, finleriň we ugorlaryň bir bölegi, çarwa halklaryň basyşlarynyň netijesinde şu günki Wengriýa göçüpdirler, beýleki bir bölegi bolsa sebitde galyp, şu günki başgyrt türklerinň emele gelmegini üpjün edipdirler.
Taryhyň iň köne çeşmelerinde ýygy-ýygydan duş gelýän we türki kowumlaryň biri bolan başgyrt türkleri şu günki gün esasan hem Russiýa Federasiýasyna degişli we paýtagty Ufa şäheri bolan Başgyrdystan Respublikasynda ýaşaýarlar. Ýurduň ilaty 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda geçirilen ilat sanawyna görä 4 064 361 adamdan ybaratdyr we başgyrt türkleri şol ilatyň 31,5 göterimini emele getirýärler.
Başgyrt türkleriniň diliniň geografik we lingwistik esaslara görä klassifikasiýasy Demirgazyk-günbatar ýa-da Gypçak toparynyň düzümine girýär we häzirki wagta çenli hem agyz we ýazuw görnüşlerinde goranyp saklanýar.
Başgyrt türkçesi esasan hem Başgyrdystan Respublikasynda gepleşilýär.Ady agzalan sebitden daşary Tatarystan we Udmurtiýa Respublikalarynda gepleşilýär, emma diňe Başgyrdystan Respublikasynda rus dili bilen birlikde resmi dil statusyna eýedir. Şonuň üçin ýurduň çäklerinde bilim, media we döwlet işlerinde ulanylýar.
Emma rus diliniň resmi dil bolýan beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Başgyrdystan Respublikasynda-da rus diliniň höküm sürmegi sebäpli başgyrt türkçesiniň ulanylýan ýeri çäklendirilendir we köplenç ikinji dil hökmünde galýar.
Başgyrt türkleri 19-njy asyryň ortalaryna çenli Çagataý türkçesi diýlip atlandyrylýan ýazuw dilini ulandylar. Şol asyryň ahyrynda öz dialektlerinde, ýagny Başgyrt türkçesinde ýazmaga başladylar. Şu ýol bilen häzirki Başgyrt ýazuw diliniň esasy düzüldi.
Yslamy kabul edenden (10-njy asyrdan) 1929-njy ýyla çenli Arap elipbiýinden peýdalanan Başgyrt türkleri, 1929-njy ýyldan 1939-njy ýyla çenli 10 ýyllap Sowet Russiýasynyň özygtyýarlygynda ýaşaýan türkleriň arasynda özgerdilen Latin elipbiýi esasyndaky Umumy Türk elipbiýini ulandylar.
SSSR-iň çäklerinde ýaşaýan ähli türk halklarynyň Kril harplary esasyndaky elipbiýe geçmegi netijesinde Başgyrt türkleri hem 1939-njy ýylda häzirki wagtda hem ulanýan täze elipbiýini kabul etdiler.
Şu gün başgyrt türkleri, başgyrt türkleriniň ýaşaýan ýerleri we başgyrt türkçesiniň üstünde durup geçdik. Nobatdaky bölümde türk şiweleriniň gepleşilýän tapawutly geografiýada duşuşarys.