“Basgançakly” piramida myhmanlaryny kabul edip başlady

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Joseriň piramidasy 14 ýyllap abatlaýyş işleri geçirilenden soňra myhmanlaryny kabul edip başlady.Müsüriň paýtagty Kairiň 30 kilometr golaýyndaky Sakkara obasyndaky bu taryhy desga Basgançak piramidasy hem diýilýär.

Sebäbi, onuň daşy basgançak görnüşli edilip gurlupdyr. 4700 ýyllyk binany abatlamak üçin 6,6 million dollar sarp edilipdir.Joseriň piramidasy Gadymy Müsüriň üçünji dinastiýasynyň faraony Joser döwründe bina edilipdir.

Bu binany abatlamak we ýykylmagynyň öňüni almak maksady bilen 2006-njy ýylda taslama taýýarlandy.Piramidanyň beýikligi 60 metre, ini 70 metre golaý.Taslamanyň çäklerinde binanyň daş töweregi we oňa barýan ýol hem abatlanypdyr.

Ýene degişli makalalar

BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär
Kölegesiz adam. Türkmen döwlet habar gullugynyň emelsiz fotoşoby
“Aşgabatliftiň” ätiýaçlyk serişdeleri gutarypdyr
Basgançakdan ýöremek ýürek keselleriniň döremegini 20 göterim azaldýar