Baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Asylly däbe görä, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.

Depesinde “2021” ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.

Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikleri ýatladýan çäredir, şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Her ýyl Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin ýörite täze ugur düzülýär. Olar owadan ulagda Täze ýyl arçasyna tarap ýola düşýärler. Iki gatly we dürli öwüşginde bezelen awtobusda oturan paýtagtymyzyň körpe ýaşaýjylary olary ugradýarlar.

Soňra Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk paýtuna geçip oturýarlar hem-de körpe dostlarynyň ugratmagynda ak mermerli türkmen paýtagtynda gezelenjini dowam etdirdiler. Bu baýramçylyk wakasynyň şaýatlary bolan Aşgabadyň ýaşaýjylary şadyýan Täze ýyl kerwenini uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar.

Baýramçylyk kerweni “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanyna gelýär. Dürli reňkli yşyklarda öwşün atýan derweze jadyly ýurda girelgäni açýar. Şol ýerde myhmanlary türkmen ertekileriniň gahrymanlarynyň täsin şekilleri hem-de çagalaryň iň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşylaýarlar.

Baş arçanyň daş-töweregi ertekiler dünýäsini ýatladýar, ol dürli reňkli çyralar, garyň reňki ýaly ap-ak arçajyklar bilen bezelipdir. Munuň özi täsin gözellik döredýär hem-de görenleri haýran galdyrýar.

Bu ýerde ornaşdyrylan öýjagazlar, ertekileriň gahrymanlarynyň täsin şekilleri, Täze ýylyň nyşany bolan öküziň şekili älemgoşaryň ähli reňkinde öwşün atýar. Ajaýyp sazyň owazy, haýran galdyrýan Täze ýyl bezegleri meýdançada hoşniýetli hem-de nurana Täze ýyl baýramçylyk ýagdaýyny döredýär.

Çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň yşaraty bilen ajaýyp arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy şadyýan Täze ýyl dabarasynyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursatyna öwrüldi.

The post Baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag täsinlikleri bilen jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
15.12.2017 | Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde mekdep temasyna bagyşlanan eserleriň sergisi gurnaldy