Eýranyň kazyýet häkimliginiň Halkara gatnaşyklar boýunça başlygynyň orunbasary ABŞ-nyň Serdar Soleýmanini terror etmekdäki hereketini dünýäde adam hukuklarynyň gyrylmagy hökmünde häsiýetlendirdi.
Kazyýetiň Adam hukuklary merkeziniň halkara gatnaşyklar işlerniň orunbasary "Seýed Majid Tafreshi" Serdar Haj Gasem Soleýmaniň şehit bolmagynyň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda eden çykyşynda: Bu jenaýat, ýazmaça kanunlar we adaty kanunlar babatynda dünýäde adam hukuklarynyň iň çynlakaý bozulmagydy diýip yglan etdi.
"Tafreshi" halkara hukuklaryny goramak, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek we jezasyzlyga garşy göreşmek maksady bilen bu milli iş hiç wagt wagtyň geçmegi bilen ýatdan çykmaz diýdi.
Tafreşiniň aýtmagyna görä Serdar Soleimani Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň resmi wekili we Yrak hökümetiniň myhmanydy.
Eýranyň kazyýetiň Adam hukuklary edarasynyň halkara meseleler boýunçaorunbasary: ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Donald Trump bu jenaýat işini edendigini boýun aldy diýdi.
2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Yragyň häkimiýetleriniň resmi çakylygy boýunça Yraga sapar eden Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň serkerdesi general Gasem Soleimani Bagdadyň howa menziliniň golaýynda ABŞ-nyň hüjümçileri we terrorçylary tarapyndan guralan howa hüjüminde Yragyň Halk Basijiniň (Al-Haşd al-Şabi) başlygynyň orunbasary Abu Mahdi al-Mohandes we sekiz ýoldaşy şehit edildi.