Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini ýerine ýetirmek Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradowyň üstüne ýüklenildi. Degişli Karara şu gün — 4-nji iýunda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Ýeri gelende bellesek, Batyr Taganowiç Atdaýew Ministrler Kabinetiniň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenendigi sebäpli, Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesinden boşadyldy.