Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 3 aýyň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we beýleki edara-kärhanalar tarapyndan kanunçylygyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de Türkmenistanyň Baş prokurory B.Muhamedowa ýol berilýän düzgün bozulmalary ýüze çykaryp, olary öz wagtynda düzetmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.
Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda Baş prokuror şu ýylyň ýanwar --- mart aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, döwlet Baştutanynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatda sanly ulgamy ornaşdyrmak we prokuratura edaralarynyň işgärler kuwwatyny berkitmek maksady bilen görülýän çäreler barada hem aýdyldy.