Baş keşpde LeBron Jeýms

Şu ýyldan başlap, käbir düzgünlerine düýpli üýtgeşiklikler girizilen “NBA All Star” duşuşygy örän çekeleşikli geçdi.Los Anjelesdäki “Staples Center” arenada geçirilen 67-nji “All Star” şüweleňinde LeBron Jeýmsiň topary Stefen Körriniň toparyny ýeňlişe sezewar etdi.

Başa-baş ýagdaýda dowam eden oýnuň 1-nji ýarymy 7876 hasabynda Jeýmsiň toparynyň peýdasyna tamamlandy.Ikinji ýarymda-da oýnuň depgini birjigem gowşamady.Aýratynam, soňky minutlar pleý-off duşuşyklaryndan pes bolmady.

Netijede, özboluşly şou duşuşygynda LeBron Jeýmsiň topary 148145 hasabynda ýeňiş gazandy.Duşuşygyň iň gymmatly oýunçysy (MVP) diýlip, LeBron Jeýms saýlandy. 14-nji gezek “All Starda” çykyş eden ýyldyz basketbolçy 31 minutlap çykyş eden duşuşygynda 29 utuk, 10 ribaund hem-de 8 asistlik netijeler görkezdi. 33 ýaşly basketbolçy “NBA All Starda” 3-nji gezek iň gymmatly oýunçy diýlip saýlandy.

Ýene degişli makalalar

LeBron we onuň ýoldaşlary
NBA-da çempion üýtgemedi
LeBron Jeýms we ýoldaşlary
“Los Anjeles Leýkersiň” 17-nji çempionlygy
Ýeňiş gazanan tarap LeBron Jeýmsiň topary
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary