Baş egip salamlaşmak däbi

Salamlaşmak edebiň başy bolup, adamlaryň arasyndaky özara hormaty artdyrýar.Salamlaşylanda birek-biregiň hal-ýagdaýy soralyp, gören-eşideniň barada birki agyz gürrüň edilýär.Salamlaşmak edebi irki ýyllardan bäri üns berilýän däpleriň biri bolup, bu endik her halkda milli derejede ösdürilipdir.

Köp millet araçägi saklap söz üsti bilen salamlaşýan bolsa, köp halk elleşip ýa-da gujaklaşyp görüşmek arkaly salamlaşýar.Dünýä halklarynyň içinde ýaponlar özboluşly medeniýeti we milli däpleri bilen tapawutlanýar.

Hatda olar biri-birini görenlerinde baş egip salamlaşýarlar. Ýapon medeniýetiniň irki döwürlerinden gözbaş alýan bu däp häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.Sypaýyçylyk alamaty bolan salamlaşmagyň bu görnüşi birek-birege goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hasaplanýar.

Geliň, ýaponlaryň baş egip salamlaşmak däbi bilen ýakyndan tanyş bolalyň!

Ýaponlar salamlaşanda näme üçin baş egýärler?

Ýaponiýada salamlaşmak ýönekeý hereket däl-de, sungat hasaplanýar.Kiçigöwünliligiň, hormatyň simwolik alamaty bolan baş egip salamlaşmak dini we söweş däplerinden gözbaş alýar.Salamlaşmagyň bu görnüşi ada döwletinde V-VIII asyrlarda buddaçylyk bilen bagly döreýär.

Ybadathana baranlar heýkelleriň öňünde baş egýärler.Ruhanylar hem olara hormat hökmünde baş egýärler. Şeýlelikde, şol döwürler buddizmde takwalygyň we hormatyň nyşany hökmünde baş egip salamlaşmak däbi ýüze çykýar.

Bu däp X asyrda söweş meýdanlaryna hem täsir edip başlaýar. Şol ýyllar samuraýlar diýlip atlandyrylýan söweşijiler urşa girmezden ozal birek-birege baş egipdirler. Şondan soň samuraý gymmatlyklary edebiň we tertibiň nyşany hökmünde beýleki söweş sungatlaryna hem girizilipdir.

Ybadathanada dörän baş egip salamlaşmak däbi soňlugy bilen medeni däplere, jemgyýete aralaşyp, edep-terbiýe mekdebini emele getirýär. Adamlar adaty durmuşda, dabaralarda, köpçülik ýerlerinde tanyşlaryny görenlerinde baş egip salamlaşyp başlaýarlar. Şäherleşmäniň artmagy bilen bu däp tutuş ýurda ýaýraýar.

Daşyndan seredeniňde, hemmesi birmeňzeş ýaly bolup görünse-de, baş egip salamlaşmagyň birnäçe görnüşi bar. Ine, olaryň käbiri:

Eşaku. 15 dereje baş egilýän salamlaşmagyň bu görnüşi derejesi deň adamlaryň arasynda ulanylýar. Çalt we gysga görnüşde ýerine ýetirilýän salamyň bu görnüşi tolkun atmak ýaly hasaplanylýar.

Senrei. Ýygnaklarda, oturylyşyklarda ýerine ýetirilýän salam bermegiň bu görnüşinde adamlar biri-birine 30 dereje baş egýärler. Baş egip salamlaşmagyň bu görnüşi ýarym resmi salamlaşmak hasaplanýar.

Keirei. Hakyky resmi salam hasaplanýan bu görnüşde ýokary derejeli adamlaryň wezipesine görä 30-45 dereje aralygynda baş egilýär. Salamlaşmagyň bu görnüşi döwlet derejesinde geçirilýän çärelerde, forumlarda amala aşyrylýar.

Seikerei. 90 dereje baş egilýän salamlaşmagyň bu görnüşi çuňňur gynanjy, çuňňur hormat goýmagy ýa-da ýürekden ötünç soramagy aňladýar. Salamlaşmagyň bu görnüşi dini däplerde, ene-ata, ýaşulular bilen özara gatnaşykda ýerine ýetirilýär.

Umuman, baş egip salamlaşmagyň iň möhüm tarapy başyňy we egniňi wagtlaýyn aşak egmek garşyňda duran adama çuňňur hormatyň we şol adamyň şahsyýetini hem-de derejesini ykrar etmegiň nyşanydyr. Baş egmek Ýewropa ýurtlarynda we Hindistanda duş gelýän kada bolsa-da, Ýaponiýada baş egip salamlaşmak hemişelik medeniýet, kök uran sosial kadalaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Watikandaky ilçisi Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
GADYMY JEÝTUN TARYHY ÝADYGÄRLIGINIŇ 3D GÖRNÜŞINDE DIKELDILEN TASLAMASY
Müsürde Rim Döwründen Galan Ybadathana Tapyldy
Саудовская Аравия сняла большинство коронавирусных ограничений в стране
Prezident Erdogan Kipriň Grek bölegine reaksiýa bildirdi
ABŞ-da Ybadathanalara Guralýan Hüjümler Artdy