Baş drama teatry: bagty gelen Şemşat Kasymowa

Belli dramaturg Bazar Amanowyň çowlugy Şemşat Kasymowa A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň çagalara niýetlenip goýlan spektakllarynyň birinem sypdyrmazdy. Ol aýratynam gahrymanlary owadan we mähirli gyzlar bolan ertekileri gowy görerdi. Şemşat spektakllardan soň keşbi özüçe oýnap görerdi. Ýöne ol bu syryny hiç kime aýtmazdy.

Şonuň üçinem Şemşat mekdebi tamamlandan soň Medeniýet institutynyň aktýorlyk fakultetine girmekçidigini aýdanda ata-enesi haýran galypdy.Agtygyny enesi Bazar Amanowyň gyzy, professor Maral Amanowa goldap: Bolubilýä!Kakamyň-a göwnünden turardy...Onuň neberelerinden sahna çykany bolmady, indi Şemşat bir bu ýoly dowam etsin - diýdi.

Bazar Amanowyň adynyň agzalmagy Şemşadyň ata-enesine güýçli täsir etdi, onsoň ata-enesinden ak pata alan Şemşadyň garry atasynyň hatyrasyna hem erbet aktrisa däl, hatda ortatap aktirisa bolmaga-da haky ýokdy, ol diňe iň gowylaryň biri bolmaly diýen niýet bilenem resminamalaryny tabşyrmaga gitdi.

-Okuwa girmäge dalaşgärleriň arasynda Dilşat Meläýewa-da bardy diýip Şemşat gürrüň berýär,-- onuň bilen derrew jora bolduk.Dilşadyň artykmaçlygy Ol A.S.Puşkin adyndaky teatryň ýanyndaky mekdep-studiýany tamamlapdy, menem beýleki dalaşgärleriň köpüsi ýaly gowy aýdym aýdyp, tans edýärdim.

Biziňki şowlap, ikimizem synaglardan geçdik. Ýene bir şowlan ýagdaý aktýorlyk ussatlygyndan belli sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow sapak berýärdi.Okuwçylary hem çagalaryň ata-enesine meňzeýşi ýaly halypasyna meňzeýärler, şonuň üçinem döredijilik ýoluna gadam basanyňdan gowy ussadyň eline düşmegiň özem şowlulyk.

-- Aktýor, ozaly bilen, özüne gyzykly bolmaly, şonda ol tomaşaçynam özüne çekip biler -- diýip halypamyz bize nesihat bererdi munuň üçin köp okamaly, seljermeli, pikirlenmeli... Aktýor hökman okumyş, päkýürek, hoşamaý bolmaly...

Insituty tamamlanymyuzdan soňam biziňki ýene şowlap, iş tejribämizi Baş drama teatrynda geçmeli bolduk. Düýnki talyplara Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň goýýan spektakllarynyň ussat režisýorlyk tapbilerligi, milli äheňi we ruhlandyryjy sazy bilen saýry gelýändigi mese-mälim göze ilip durdy.

Bu halypa üçin sahnada ownuk zat ýok: eger-de kiçijik detal spektaklyň umumy ýörelgesine utgaşýan bolsa, onuň derejesini göterýär, tersine bolsa -- pese düşürýär. Şonuň üçinem Kakajan Aşyrowiç spektakl degişli ähli zada juda talapkär.

Teatra gulluk edýän 7 ýylymyň dowamynda maňa keşpleriň 12-sini döretmek miýesser etdi.Meniň ilkinji baş rolum -- Giýewleriň bäsleşigi komediýa spektaklynda Diloranyň keşbidi.Ol meniň üçin häsiýetime gabat gelmeýän gahrymanyň keşbini janlandyrmakda gowy mekdep bolupdy.

Iň halaýan keşbim Şükür bagşy spektaklyndaky Aýperiniň keşbi.Ol diňe bir halaýan keşbim bolman, iň kyn düşen keşbem boldy.Garakçylar ýaş gyz Aýperini ýesir alyp gidýärler. Ýat ilde ol durmuşa çykypdyr, ogly bolupdyr, ýöne garry käbesi galan Watan küýsegi ony öz gününe goýmaýar.

Hanyň guran Şükür bagşy bilen köşk bagşysynyň bäsleşi gidip durka, Aýperi onuň aýagyna ýykylyp, ejesi gyzyny zarynlap gara geýip ýöremsin diýip, Şükür bagşydan özüniň diridiginden alamat hökmünde ak ýaglyk hemem agtygynyň köwşüni ibermegi haýyş edýär.

Olar iline düşse, ol hökmany dogduk öýüne bararmyş diýen yrym bar eken.

Ýönekeý zenan maşgala köpüň içinde hana ýüz tutup, onuň gazabyna duçar bolmakdanam çekinmeýär. Ýöne Aýperi atasy öýüne habar ýetirmek üçin üstüne abanýan howpa parh etmeýär.

Spektakldaky Aýperiniň uzyn monologynyň tomaşaçylary ýadatmagy mümkindi. Onuň sözleriniň tomaşaçylara täsirini saklap, ahyryna çenli olary dartgynly saklamak üçin näme etmeli? Kakajan Aşyrowiç maňa ilki ýuwaşjadan başlap, kem-kemden sesi güýçlendirip, ahyrsoňunda aglamagy maslahat berdi.

Teatrdaky oýunlarymdam başga-da maňa telefilmere surata düşmek hem miýesser etdi. 2016-njy ýylda Halkara zenanlar gününe gabatlap Türkmen owazy telekanaly režisýor Gülälek Hezretgulyýewanyň Bagt ekeni -bagtyňa garaşmaklygam filmini zenanlarymyza sowgat etdi.

Filmiň näme hakdadygy eýýäm adyndanam bellidir.Režisýor Sapardurdy Annaýewiň Aşgabat telekanalynda goýan Gudrat filminde surata düşdüm, onda men baş roly ýerine ýetirdim -- Gülälägiň keşbini döretdim, film Bitaraplyk baýramyna görekziler.

Şemşadyň maşgala durmuşy hem şowuna boldy.Ol birek-birege gowy düşünilýän we goldanylýan döredijilik maşglasyna düşdi.Onuň ýanýoldaşy Söhbet Kasymow hem özünden bir ýyl öň aktýorlyk fakultetini tamamlapdy.

Onuň owadan sesi bar, şonuň üçinem Söbet teatr sahnasyndan estradany ileri tutdy.Söhbediň ata-enesi Muhammetguly we Ejebaý Kasymowlar ozal medeniýeti institutynda bile okapdyrlar.Köp wagtlap Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatrda, soňam Baş drama teatrynda işlediler.

Häzirki wagtda Muhammetguly Kasymowiç mugallymçylyk edýär, Ejebaý Süleýmanowna höwes bilen iki agtygyny teribeläp, Şemşady öý aladalaryndan boşadýar.Başgaça aýdanyňda, durmuşda bagtyňa duşmagam bagt ekeni diýilýäni Baş drama teatrynyň ýaş aktrisasy Şemşat Kasymowa hakda aýdylan ýaly.

Ýene degişli makalalar

Söhbediň aýdymy bilen adygan
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda Hindi rowaýaty atly spektakl görkezilýär
Magtymguly, söz binýadyň…
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmenistanda Binýat atly täze film tomaşaçylara görkeziler
Türkmenistanyň teatr artistleri Täze ýyl sowgatlaryny taýýarladylar