Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubunyň ýarym goragçysy Pedri “Tuttosport” italýan neşirinden Ýewropada ýylyň iň gowy futbolçysyna (21 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylar) berilýän “Golden Boy” baýragynyň eýesi boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Baýrak gowşurylyş dabarasy dekabr aýynda Italiýanyň Turin şäherinde geçiriler. Geçen ýyl baýragyň eýesi Dortmundyň “Borussiýasynyň” we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand boldy.
2020/21-möwsüminde 18 ýaşly Pedri “Barselona” üçin, umumy alanyňda, 52 oýna gatnaşyp, dört gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol ÝEWRO-2020-de çykyş etdi we ýarym finala çykdy.
Pedri bilen bilelikde baýrak üçin 20 dalaşgärden ybarat sanawda Karim-Dawid Adeýemi (Germaniýa, “Bawariýa”), Jud Bellingem (Angliýa, Dortmundyň “Borussiýasy”), Eduardo Kamawinga (Fransiýa, “Real”), Şarl de Ketelare (Belgiýa, “Brýugge”), Gawi (Ispaniýa, “Barselona”), Braýan Hil (Ispaniýa, “Barselona”), Raýan Grawenberh (Niderlandlar, “Aýaks”), Meýson Grinwud (Angliýa, “Mançester Ýunaýted”), Daniel Maldini (Italiýa, “Milan”), Jamal Musiala (Germaniýa, “Bawariýa”) we beýlekiler bardy.