“Barselonanyň” taryhynda ilkinji gezek

Ispaniýanyň çempionatynda 21-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda Barselona öz meýdançasynda Raýo Wallekanony kabul etdi.Oýun babatda ýer eýeleriniň artykmaçlygynda geçen duşuşykda Raýo Wallekano topary 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Myhmanlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 7-nji minutda Alwaro Garsiýa derwezä girizdi. Şondan soň barselonaly futbolçylar onlarça amatly pursatdan ýerlikli peýdalanyp bilmediler.Netijede, Barselona 1-0 hasabynda utuldy. 32-nji tapgyrda öz meýdançasynda Kadizden hem 1-0 asgyn gelen Barselona Kamp Nouda bassyr 3-nji duşuşygynda ýeňildi.

Katalonlar Ýewropa Ligasynda-da Aýntrahtdan utulypdylar.Barselona topary taryhynda ilkinji gezek bir möwsümde öz meýdançasynda yzly-yzyna 3 duşuşykda ýeňildi.

Bu ýeňlişden soň sanawyň lideri Real Madrid çempionlyga bir ädim golaýlap, olar geljek tapgyrda 1 utuk gazanan ýagdaýynda-da çempion bolarlar.

Ýene degişli makalalar

“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Altyň biri aşaky liga düşer
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Maradona. Messi. Mundial