Barselonanyň hassahanasynda lukman-itler peýda boldy

Barselonanyň hassahanasynda lukman-itler peýda boldy

Barselonanyň hassahanasynda terapewt-itler peýda boldy diýip, 24KZ habar berýär.

Bu synag taslamadyr. Haýwanlar hepdede ik igezek tiz bejergi alýan hassalaryň bölümine barýarlar. Alymlar şeýle etmek bilen, haýwanlaryň kömegi arkaly bejerginiň hassalaryň stresini peseldýändigini subut etmekçi bolýarlar.

Munuň üçin hünärmenler dört aýakly jandarlar hassahana gelmeziniň öňüsyrasy hem-de soňra hassalaryň tüýküliginiň nusgasyny alýarlar. Bu adamyň emosional ýagdaýyna jogap berýän gormonlaryň näderejede üýtgändigini anyklamak üçin gerek.

Başlangyç diňe hassalarda däl, lukmanlarda hem goldaw tapdy.

Lýusiýa Pikaso, tiz bejergi bölüminiň lukmany: - Adamlar şeýle gonaklara şat. Sebäbi hassalaryň käbiri bärde uzak wagt bäri ýatyr. Bu olaryň göwnüni açýar.

Itleriň gelmegi hassalaryň gutulmagyna oňat täsir edýär diýip, lukmanlar belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Abdul Kaýýum Nasyri
Reşit Rahmeti Arat
Belgiýada Başlangyç we Orta Mekdeplerde Öýjükli Telefonyň Ulanylmagy Gadagan Edildi
Çap kitaplar elektron neşirlerden has peýdaly bolup çykdy
Britaniýaly 60-njy synanyşygynda sürüjilik şahadatnamasyny aldy
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi